2024: Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

BT
2024: Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
“Täze aý” kärhanasynda önümçilik pursady (Surat: “Täze aý” kärhanasy)

2024-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Möhüm pudaklaryň hatarynda gurluşyk pudagy 11 göterim, söwda 10,1 göterim, ulag-kommunikasiýa 7,2 göterim ösüşi depgini bilen has ýokary görkezijileri gazandy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm we hödürlenilen hyzmatlar ortaça 12,1 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim ýokarlandy, ýurduň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky ortaça 10,6 göterim ösdi.

2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň barşynda “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Täze maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, ýurduň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak göz öňünde tutulýar. Täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär.

Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak maksady bilen zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

2025-nji ýylda ykdysadyýete maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Hökümetiň mejlisiniň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenilip, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe ýolbaşçylar wezipä bellenilip, wezipeden boşadyldy.

2022