TDHÇMB

Hazar-Gara deňiz ulag geçelgesi boýunça ýükleri daşamakda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

BT
Hazar-Gara deňiz ulag geçelgesi boýunça ýükleri daşamakda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
Hazar – Gara deňiz geçelgesiniň çäklerinde ýük daşamalary we hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşmaga bagyşlanan sanly ulgam arkaly maslahat, 2025-nji ýylyň 10-njy fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

10-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda Hazar we Gara deňizlerini özara baglanyşdyrýan halkara üstaşyr geçelgesini döretmegiň çäklerinde ýük daşalyşyny ösdürmek, esasy hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine seredildi.

Maslahatlaşmalara Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrlikleriniň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-ni sişenbe güni habar berdi.

Maslahata gatnaşyjylar söwda gatnaşyklarynyň netijesinde garaşylýan bähbitler barada beýan etdiler hem-de Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmakda halkara guramalaryň möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem ulag geçelgesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we amallary ýeňilleşdirmek maksady bilen ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmekde sanly tehnologiýalary utgaşdyrmagyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu ýylda baglaşylmagy meýilleşdirilýän hökümetara ylalaşygyň netijelerine oňyn baha berip, onuň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda halkara ýük daşamalary düýpli çaltlandyrjakdygyny bellediler.

Mart 18, 2025