Tähran şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Mähirli sözler üçin hoşallyk bildiren Masud Pezeşkian 10-njy fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň möhüm ähmiýetini belledi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatadaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň döwlet Baştutany energetika, ulag we suw serişdelerini dolandyrmak ulgamlarynda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny beýan etdi.
Taraplar şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Tähran şäherine iş saparynyň çäklerinde, şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen hem duşuşygy boldy.