Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde tutýan meýdany 98 gektara barabar bolan täze şäherçäniň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Gurluşyk işleriniň tamamlanmagy bilen bu ýere göçüp geljek ilatyň amatly ýaşaýşyny we dynç alşyny üpjün etjek, düzüminde iki gatly kottejler hem bolan 400 sany ýaşaýyş jaý toplumy kemala geler diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Şäherçe zerur medeni-durmuş desgalary hem-de ösen ulag we inženerçilik düzümleri bilen üpjün ediler. Durmuş maksatly desgalaryň hatarynda 420 okuwça niýetlenilen döwrebap mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi, Medeniýet öýi, Aragatnaşyk öýi hem-de toý dabaralaryny geçirmek üçin 500 orunlyk Toý mekany bar. Şeýle hem üsti ýapyk bazary we dükanlary bolan söwda merkezini, ýangyn howpsuzlygynyň edara binasyny açmak meýilleşdirilýär.
Hanýap derýasynyň üstünden amatly ulag gatnawyny üpjün etmek we lagym geçiriji üçin iki sany täze köpri gurlar. Munuň özi islendik wagtda suw akabasynyň üstünden amatly we howpsuz geçişi üpjün eder. Kömelek we limon ýetişdirmek göz öňünde tutulýan täze ýyladyşhana toplumy ýerli ýaşaýjylaryň iş bilen üpjünçiliginde möhüm orun eýelär.
Gurluşyk işlerine ýöriteleşdirilen hususy kärhanalar işjeň gatnaşýarlar.
2025-nji ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 4620 orunlyk mekdepleri we 2000 orunlyk çagalar baglaryny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.