Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni geçirilen söwdalaşyklarda bahasy 32 million 715 müň 955 manada barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Ýerli telekeçiler “Türkmenpagta” döwlet konserninde öndürilen nah ýüplügini satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 36 geleşik hasaba alyndy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.