Türkmen telekeçileri Iordaniýa Haşimit Patyşalygynda 2025-nji ýylyň 29 – 31-nji maýynda ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň ýardam bermeginde “Sawsana 2025” ady bilen 11-nji gezek geçiriljek halkara oba hojalyk sergisine gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.
Sergide iň täze tehnologiki işläp taýýarlamalar, önümler, enjamlar hem-de oba hojalygynda, weterinariýada we azyk senagatynda ulanylýan häzirki zaman usullar tanyşdyrylar.
Türkmen önüm öndürijileri we telekeçileri häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary ulgamynda tejribeleri alyşmaga, öňdebaryjy halkara tejribeler bilen tanyşmaga, Iordaniýa we beýleki ýurtlardan bolan hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de halkara bazarda öz önümlerini görkezmäge mümkinçlik alarlar.
“Sawsana” sergisi ilkinji gezek Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň ýardamy bilen ilkinji gezek 2003-nji ýylda guralypdy. Şondan bäri giň halkara goldawyna eýe bolan bu çäre Iordaniýanyň döwlet we hususy düzümleriniň goldawy bilen sebitiň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde möhüm meýdança öwrüldi.