Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň zenanlaryna pul sowgatlary gowşurylar

BT
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň zenanlaryna pul sowgatlary gowşurylar
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli mekdep okuwçylaryna pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy, 2023-nji ýylyň 2-nji mart, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Resminama döwlet berkararlygyny berkitmekde, sagdyn, watansöýüji nesli kemala getirmekde zenanlaryň möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Gol çekilen Perman Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran, aýal-gyzlara pul sowgatlaryň gowşurylmagyny düzgünleşdirýän № 1152 belgili Kararyndan ugur alýar.

2025-nji ýylyň 1 – 6-njy marty aralygynda dürli edaralarda we kärhanalarda işleýän aýal-gyzlara, pensionerlere, döwlet kömek puluny alýanlara, aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerde okaýan talyp gelin-gyzlara hem-de okuwçylara 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ykdysady meseleler boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak boýunça tabşyryklary berdi.

Dabaralaryň çäklerinde “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlara sylaglar, köp çagaly enelere bolsa täze öýleriň açarlary gowşurylar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022