Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa instituty dörediler

BT
Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa instituty dörediler
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary ýyladyşhana şertlerinde ösümlikleri idetmegiň usullaryny öwrenýärler, 2022-nji ýylyň 30-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanda Oba hojalyk ministrliginiň garamagynda hereket etjek Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa instituty dörediler. Bu barada Ministrler Kabninetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňruguly Atahallyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Wise-premýer oba hojalyk pudagynda täze ylmy-barlag institutlaryny döretmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, mallaryň, guşlaryň önümliligini ýokarlandyrmak hem-de olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hem hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maldarçylygy we guşçulygy ösdürmäge ylmy esasda çemeleşmegiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, maldarçylyk önümlerini öndürmek, olary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, täze ylmy instituty döretmek hakynda Karara gol çekildi. Bu resminama täzeçil weterinariýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we öri meýdanlaryň rejeli ulanylmagy boýunça wezipeleri hem öz içine alýar. 

Oba hojalyk ministrligine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň binýadynda ministrligiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem şu institutyň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. 

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

2022