Türkmenistan “Agroworld Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşmaga çagyryldy

BT
Türkmenistan “Agroworld Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşmaga çagyryldy
“AgroWorld Uzbekistan 2024” atly halkara sergisi, 2024-nji ýylyň 12 – 14-nji marty, Daşkent, Özbegistan (Surat: agroworld.uz)

Türkmenistan Daşkent şäherindäki “Uzexpocentre” sergi merkezinde 11 – 13-nji martda geçiriljek “Agroworld Uzbekistan 2025” atly 20-nji halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär. 

Sergi oba hojalyk tehnikalaryna, ekinleriň önümçilik tehnologiýalaryna, maldarçylyga, weterinariýa hem-de oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilişine we saklanylyşyna bagyşlanylyp geçiriler.

“Agroworld Uzbekistan” sergisi Özbegistanyň obasenagat pudagynyň wekillerini bir ýere jemleýän çäredir. Şunda sergä baryp görýänleriň 84 göterimi satyn almak işine gatnaşýar. Bu çäre satyn almak we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we saklamak babatda iş alyp barýan kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça meýilnamalaryň işlenilip düzülmeginde möhüm ähmiýete eýedir. 

“Agroworld Uzbekistan 2025” halkara sergisi Merkezi Aziýanyň bazaryndaky kompaniýalar üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, gatnaşyjylara innowasion çözgütleri we ýörite teklipleri hödürleýär. 

2022