Türkmenistan Indoneziýada geçirilýän ýarmarkada “ýaşyl” sement önümçiliginiň tehnologiýasy bilen tanyşdyrdy

BT
Türkmenistan Indoneziýada geçirilýän ýarmarkada “ýaşyl” sement önümçiliginiň tehnologiýasy bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary “YISF” ýarmarkasynda, 2025-nji ýylyň 21 – 23-nji fewraly, Malang, Indoneziýa (Surat: TDH)

Türkmenistanyň wekiliýeti 21 – 25-nji fewralda Indoneziýanyň Malang şäherinde geçirilýän Ýaşlaryň V halkara ylmy ýarmarkasynda (YISF) “Senagat galyndylaryndan “ýaşyl” sement almagyň ylmy esaslary” diýlip atlandyrylýan ylmy işläp taýýarlamasy bilen tanyşdyrdy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, mugallym Atamyrat Altyýewi we talyplar Süleýmanmuhammet Şamuhammedowy we Aýmyrat Halnazarowy öz içine alan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti tarapyndan taýýarlanylan tanyşdyrylyş dabarasy dünýäniň ähli ýerinden gelen gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Bu taslama durnukly ösüşiň, daşky gurşawy goramagyň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini gozgaýar. 

Indoneziýanyň Ýaş alymlar birleşmesi tarapyndan guralan ýarmarka, hususan-da, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda ýaşlaryň ylmy gazananlaryny halkara derejesinde alyşmaklaryna ýardam bermäge gönükdirilendir. Çäre geljegi uly taslamalar boýunça pikir alyşmaga we ýaş alymlaryň ylmyň hem-de tehnologiýanyň geljegine goşýan goşantlaryna baha bermäge şertleri döredýär. 

Türkmenistanly gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyň we ýurduň ylmy gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtaýarlar. 

2022