Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda daşky gurşawy goramak ministriniň täze orunbasary we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherine häkim wezipelere bellenildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Miminow daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesine ozal Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesinde işlän Öwezgeldi Goşjanow bellenildi.
Balkanabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Myrat Nazarowyň üstüne ýüklenildi.
Iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda we ýurduň sebitlerinde işleriň alnyp barşy bilen bagly meselelere garaldy.