Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçiriler

BT
Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçiriler
Türkmen-german işewürlik forumy, 2019-njy ýylyň 11 – 14-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: sng.today)

Türkmenistan 7-8-nji aprelde sanly ulgam arkaly pediatriýa, onkologiýa we sanly lukmançylyk ugurlaryna aýratyn üns berýän saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny geçirer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Forum Türkmenistany Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde geçiriler. Oňa türkmen lukmanlary, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary hem-de Germaniýanyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň, iri barlag merkezleriniň professorlary gatnaşarlar. Onda lukmançylyk tejribesine sanly tehnologiýalary we intellektual seljeriş ulgamlaryny utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa anna güni geçirilen nobatdaky hökümet mejlisinde foruma taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtap, forumyň geçirilmegini makullady. Şeýle hem Germaniýanyň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm ähmiýeti nygtalyp, çäräniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek boýunça tabşyryklar berildi.

2022