Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) başlygy Mergen Gurdowyň penşenbe güni Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda özbek diplomaty Türkmenistanyň ýokary eksport kuwwatlyklarynyň bardygyny nygtap, ýurtlaryň arasynda bilelikdäki kärhanalary döretmegi teklip etdi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň we Özbegistanyň goňşy sebitleriniň arasynda işewürlik üçin täze mümkinçilikleri döretjek özara gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanda 2025-nji ýylda 3-nji Türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi diýip, TSSE habar berýär.
Gepleşikleriň çäklerinde R.Alimow türkmen wekiliýetini Özbegistanda şu ýylda geçiriljek halkara forumlara we sergilere gatnaşmaga çagyrdy.
Mundan öň, türkmenistanly telekeçiler kiçi we orta işewürligiň wekilleri üçin Özbegistana guralan işewürlik saparyna gatnaşdylar.