Iňlis dili ABŞ-nyň resmi dili diýlip yglan edildi

BT
Iňlis dili ABŞ-nyň resmi dili diýlip yglan edildi
ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti Donald Tramp (Surat: Bloomberg)

Prezident Donald Tramp iňlis dilini Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda döwlet dili hökmünde resmi taýdan yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. Prezidentiň edarasy degişli resminamany köpçülige ýetirdi. Onda iňlis diliniň ýurduň esaslandyrylan wagtyndan bäri milli dil hökmünde Garaşsyzlyk Jarnamasy we Konstitusiýa ýaly möhüm ähmiýetli taryhy resminamalaryň bu dilde ýazylandygy aýdylýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Degişli Permanda bu ädimiň “aragatnaşygy ýeňilleşdirjekdigi, “umumy milli gymmatlyklary pugtalandyrjakdygy” we “has jebis we täsirli jemgyýeti döretmäge ýardam etjekdigi” bellenilýär. Täze Perman ABŞ-nyň 42-nji Prezidenti Bill Klintonyň 2000-nji ýylda iňlis dilini çäkli bilýän adamlara döwlet hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek hakynda Buýrugyny güýjüni  ýitiren diýip yglan edýär.

Kabul edilen syýasy resminama döwlet we täjirçilik düzümlerinde üýgetmeleriň girizilmegini talap etmeýär. Munuň özi işewürlere we resmi iş kagyzlary ýöredilende beýleki dilleri ulanmagy dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ABŞ-da ilat 350-den gowrak dilde gepleýär. Şolardan ispan, hytaý, tagal, wýetnam we arap dilleri has köp ýaýranydyr. Täze kabul edilen resminama ýurduň döredilen wagtyndan bäri geçen 250 ýylyň içinde federal Hökümetiň milli dili resmi taýdan yglan eden ilkinji wakasy boldy.

2022