Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçiren iş maslahatynyň dowamynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherine we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyna täze häkimleri wezipä belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Karary bilen, Myrat Nazarow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. Şäheriň täze häkimi hökmünde ozal welaýat häkimliginiň iş dolandyryjysy wezipesinde işlän Maksat Ataberdiýewiç Paşanakow bellenildi.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň täze häkimi edilip Kakamyrat Gutlyýewiç Orazgulyýew bellenildi. Etrabyň ozalky häkimi Bäşimdurdy Jumaýewiç Mämedow wezipeden boşadyldy.
Iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda we Türkmenistanyň sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.