Türkmenistan 2025-nji ýylda gowaçanyň “Ýolöten-54” sortuny ekin dolanyşygyna girizmekçi

BT
Türkmenistan 2025-nji ýylda gowaçanyň “Ýolöten-54” sortuny ekin dolanyşygyna girizmekçi
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary ekin meýdanlarynda, 2024-nji ýylyň 4-nji noýabry, Ýolöten, Mary welaýaty, Türkmenistan (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmenistan 2025-nji ýylda “Ýolöten-54” atly gowaçanyň orta süýümli sortuny ekin dolanyşygyna girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Bu sort Oba hojalyk ministrliginiň Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryndaky sort-synag meýdançalarynda synagdan geçirilip, adaty sortlar bilen deňeşdirilende hasyllylyk we süýüminiň hili babatda ýokary görkezijileri görkezdi.

Oba hojalyk ministrliginiň 2022-nji ýylyň sentýabrynda çykaran buýrugyna laýyklykda, “Ýolöten-54” sorty Ýolöten etrabynyň Atçapar daýhan birleşiginde önümçilik synagyndan geçirildi. 2023-nji ýylda bu görnüşiň hasyllylygy nusgawy “Ýolöten-39” sorty bilen deňeşdirildi. Şonda “Ýolöten-54” sorty her gektardan 45,8 sentner hasyl berdi. Munuň özi “Ýolöten-39” sortunyň hasyllylygyndan 8,1 göterim köpdür.

2024-nji ýylda iki sort hem 10 gektar ýere täzeden ekildi. Şonda “Ýolöten-54” sortunyň her gektardan beren hasyly 38,1 sentnere, “Ýolöten-39” sortunyňky bolsa 37 sentnere barabar boldy. Iki ýylyň görkezijilerini goşup deňeşdireniňde “Ýolöten-54” sorty ortaça her gektardan 41,9 sentner hasyl berdi. Bu nusgawy sortuň görkezijilerinden 4,6 göterim artykdyr.

Mundan başga-da, Oba hojalyk ministrliginiň seljeriş topary geljegi uly “Ýolöten-63” (inçe süýümli) we “Ýolöten-64” (orta süýümli) sortlaryny hödürledi. Olary 2025-nji ýylda Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezinde synagdan geçirmäge başlamak meýilleşdirilýär.

2022