Türkmenistan bilen ÝTÖB ýurt boýunça täze strategiýany taýýarlaýar

BT
Türkmenistan bilen ÝTÖB ýurt boýunça täze strategiýany taýýarlaýar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ÝTÖB-iň wekiliýeti bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň çarşenbe güni Aşgabatda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ÝTÖB-iň Türkmenistan boýunça geljek döwür üçin täze strategiýasyny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, wekiliýet topary Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenmek we ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny öwrenmek üçin Türkmenistana sapar bilen geldi.

Taraplar Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin we netijeli häsiýete eýedigini, bankyň söwdany, önümçiligi goldamak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ýaly dürli ugurlarda 80-den gowrak taslamany durmuşa geçirendigini bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar ÝTÖB-niň Türkmenistandaky işiniň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Eksport işini ösdürmek, bank ulgamynyň edaralary bilen hyzmatdaşlyk we döwrebap bank tejribelerini ornaşdyrmak şeýle ugurlaryň hataryndadyr.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 40 ýurduň we 2 halkara guramanyň gatnaşmagynda 1991-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda bank 34 ýurtda iş alyp barýar. Onuň Türkmenistanda işe başlan döwri 1992-nji ýyldan badalga alýar.

2022