Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň arasynda 11 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminamalar ÝUNISEF-iň Türkmenistan boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda 2025-nji ýyldaky iş Meýilnamalaryny öz içine alýar.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, baglaşylan ylalaşyklar ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Ylalaşyklaryň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Mejlisiň, Ýokary kazyýetiň, Baş Prokuraturanyň, Içeri işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasyndaky bilelikdäki işleriň meýilnamalary tassyklanyldy.
Mundan başga-da hyzmatdaşlygyň iş Meýilnamalary Statistika baradaky döwlet komiteti, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen hem baglaşyldy.