Aşgabadyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze jaý açyldy

BT
Aşgabadyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze jaý açyldy
Aşgabadyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 7-nji marty, Türkmenistan (Surat: THP)

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 144 öýli täze 9 gatly ýaşaýyş jaýy açyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Halkara zenanlar güni mynasybetli ulanmaga berlen taslama ilaty oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirildi.

Dabaraly çäräniň dowamynda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly maşgalalar täze öýleriň açarlaryna eýe boldular. Häzirki zaman ölçegler göz öňünde tutulyp gurlan ýaşaýyş jaýynyň öýleri zerur enjamlar bilen üpjün edilip, olarda balkonlar we gomaça ýerler hem bar.

Ýaşaýyş jaýynyň töweregi doly abadanlaşdyrylyp, bu ýerde çagalar we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutulypdyr. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täze jaýyň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki milli aýdymdyr tanslar bilen utgaşdy.

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany 48 we bir 64 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy hem geçirildi.

2022