Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmyrat Çaryýewiň anna güni Jidda şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hisseýn Brahim Taho bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çakylyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşuryldy.
Geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen YHG-niň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
1969-njy ýylda esaslandyrylan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) syýasy, ykdysady, ylym we medeniýet ulgamlarynda musulman ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça iş alyp baryp, 57 döwleti özüne birleşdirýär. Guramanyň baş edara binasy Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde ýerleşýär.