Türkmen alymlary ýerli çig maldan bitum emulsiýasyny öndürmegiň tehnologiýasyny taýýarladylar

BT
Türkmen alymlary ýerli çig maldan bitum emulsiýasyny öndürmegiň tehnologiýasyny taýýarladylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň barlaghanasynda barlaglaryň geçirilişi, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri ýerli çig malyň esasynda bitum emulsiýasyny öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu taslama Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamasyna eýe boldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Täze işläp taýýarlamany tehniki ylymlaryň kandidaty, barlaghana müdiri M.Hudaýberdiýew hem-de hünärmenler D.Gadamow we A.Pirmedow ýerine ýetirdiler. Barlaglaryň dowamynda olar birnäçe barlag-synag işlerini geçirdiler. Olaryň netijeleri ylmy makalada çap edildi.

Döredilen bitum emulsiýasynyň 40 göterimi bitumdan, 48,8 göterimi suwdan, 10 göterimi erediji maddalardan, 0,6 göterimi duz kislotasyndan, 0,6 göterimi emulgatordan ybaratdyr. Onuň ýol gurluşygynda ulanylmagy ýurduň import serişdelerine garaşlylygyny azaltmaga we ýol düşemeleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Tehnologiýa ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar: emulsiýa gatlaklary birleşdirmäge, ýaryklary doldurmaga we çukurlary abatlamaga şertleri döreder hem-de asfaltbeton önümçiliginde peýdalanylar.

Bitum emulsiýa – bu ýol gurluşygynda we ýol düşemeleri abatlanylanda ulanylýan ýörite bitum, suw, goşundylar (emulgatorlar) garyndysydyr. Ýokary temperaturalara çenli gyzdyrylmagyny talap edýän adaty bitumdan tapawutlylykda, bitum emulsiýasy sowuk şertlerde ulanylýar. Munuň özi önümi has amatly we ekologiýa taýdan arassa aýratynlyklara eýe edýär.

2022