TDHÇMB

TDHÇMB: 38,8 million manada golaý nebit bitumy satyldy

BT
TDHÇMB: 38,8 million manada golaý nebit bitumy satyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe günündäki söwdalarynda nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 38 million 750 müň manada barabar boldy diýip, TDHÇMB habar berýär.

Birža söwdalarynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen önümler ýerli telekeçiler tarapyndan satyn alyndy.

Owganystanyň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleri 882 müň 250 ABŞ dollarlyk suwuklandyrylan gaz satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 23 geleşik hasaba alyndy.

Mart 15, 2025