2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşyk $80 milliondan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.
Türkmenistanda öndürilen önümleriň Gruziýa eksporty $58,09 milliona, şol bir wagtda bolsa Gruziýanyň Türkmenistana eksporty $22,9 milliona barabar boldy.
Türkmenistandan Gruziýa iberilen esasy önüm $45,4 millionlyk nebit we nebit önümlerinden ybarat boldy. Mundan başga-da, nebit koksy we bitumy ($4,8 million), gips esasly gurluşyk garyndysy ($1,7 million), azot dökünleri ($1,05 million) we ýük awtomobilleri ($831 müň) bu ýurda eksport edildi.
Gruziýa öz gezeginde Türkmenistana azyk we lukmançylyk harytlary eksport etdi. Şunda guş eti we et önümleri ($11,4 million), ortopedika degişli önümler we bedeniň emeli ýasalan bölekleri ($2,6 million) hem-de gaplanan lukmançylyk enjamlary ($1,6 million) eksportda öňdebaryjy orny eýeledi. Mundan başga-da, Türkmenistan bahasy $1,1 million bolan ýeňil awtomobilleri import etdi.