TDHÇMB

Türkmenistan we Özbegistan Amyderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselelerini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Özbegistan Amyderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselelerini maslahatlaşdylar
Amyderýa, Lebap welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw hojalyk edaralarynyň wekilleriniň Türkmenbat şäherinde duşuşygy boldy. Onda Amyderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda suw ýitgilerini azaltmak, gidrotehniki desgalary döwrebaplaşdyrmak we suw joşmalaryna garşy göreşmek boýunça çärelere aýratyn üns berildi.

Iş saparynyň çäklerinde özbek wekiliýeti Düýeboýun suw bölüji desgasyna baryp gördüler. Ol ýerde ýurtlaryň hünärmenleri suw desgasynyň ulanyş meselelerine garadylar we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri alyşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň 4-nji mejlisiniň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça geljekki bilelikdäki çäreleri ylalaşdylar. Gatnaşyjylar gidrotehniki işler, suw tygşytlaýjy we ony ölçeýän sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Taraplar serhetýaka suw desgalarda bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek, suw tygşytlaýjy we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda tejribe alyşmak boýunça ylalaşdylar.

Mart 20, 2025