TDHÇMB

Türkmenistanda Halkara Nowruz güni bellenilýär

BT
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni bellenilýär
Halkara Nowruz baýramy, 2024э5-nji ýylyň 21-nji marty, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: THP)

Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giň gerimde toýlanylýar. Esasy dabaralar däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” meýdançada geçirilýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli ähli türkmenistanlylary tüýs ýürekden gutlady.

“Taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň durmuşyna we medeniýetine mäkäm ornaşypdyr. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär. Tebigatda täzelenişiň, gülleýşiň baýramy bolan Nowruz ynsan kalbyna tämiz duýgulary eçilýär, gözellige, abadançylyga söýgi döredýär” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlagynda bellenilýär.

Halkara Nowruz baýramy, 2024э5-nji ýylyň 21-nji marty, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: THP)

Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň ähli ýerinde dürli dabaraly çäreler, sergiler we konsertler guralýar.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizilen Nowruz baýramy Bahar paslynyň gelendigini we tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar

Mart 25, 2025