Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň asylly we ynsanperwer işlerini goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen penşenbe güni Arkadag şäherinde bolan duşuşygynda mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, diplomat amerikan tarapynyň gaznanyň işini has-da öňe ilerletmek ugrunda, şol sanda ony halkara derejede ösdürmek maksady bilen, bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda taraplar howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini bermek boýunça gaznanyň alyp barýan işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen döredilen Haýyr-sahawat gaznasy ýurduň çäginde we ondan daşarda hem goldaw-kömek maksatnamalary durmuşa geçirýär.
ABŞ-nyň ilçisi Gaznanyň işine ýokary baha berip, onuň halkara gatnaşyklary berkitmekde goşýan goşandyny belledi.
Gepleşiklerde gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek we halkara çäreleri geçirmek bilen bagly meselelere hem garaldy. Halkara guramalar, şol sanda ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
2021-nji ýylyň martynda esaslandyrylan Haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümdäki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Işläp başlan döwründen bäri, gazna dürli ýurtlarda bolup geçen tebigy hadysalardan ejir çeken çagalara ynsanperwer kömek iberdi hem-de Türkmenistanda bejergä mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegini üpjün etdi.