Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy $22,2 million bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri $4,23 millionlyk suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Bahasy $17,48 million bolan uçar kerosini Owganystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň telekeçileri tarapyndan satyn alyndy.
Gyrgyzystanly işewürler $96,6 müňlük biz mata, azerbaýjanly telekeçiler bolsa $386,3 müňlük nah ýüplügini satyn aldylar.
Türkmenistanyň içerki bazarynda ýerli telekeçiler 2,32 million manatlyk nah ýüplügini we 3,03 million manatlyk dürli ölçegdäki gazbeton bloklaryny aldylar.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.