2024: Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky söwda dolanyşyk $22 milliona barabar boldy

BT
2024: Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky söwda dolanyşyk $22 milliona barabar boldy
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisi, 2025-nji ýylyň 26-njy marty, Ýerewan, Ermenistan (Surat: Armenpress)

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky söwda dolanyşyk $22 milliona barabar boldy. Bu barada Ermenistanyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan 26-njy martda Ýerewan şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisinde mälim etdi.

Türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, ermeni wekiliýetine Dawid Hudatýan başlyklyk etdi diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.

Taraplar söwda-ykdysady we ýangyç-energetika toplumlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegi hem-de bilim, ylym, syýahatçylyk, sport, oba hojalygy, ulag, gurluşyk, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

D.Hudatýan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini nygtap, özara söwda dolanyşygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ermenistana dokma we ýeňil senagatyň önümlerini eksport edýändigi, ermeni tarapynyň bolsa, himiýa, derman senagaty, oba hojalyk önümlerini, gymmat bahaly serişdeleri iberýändigi bellenildi diýip, Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Mejlisiň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklary we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny berkidýän jemleýji Teswirnama gol çekildi.

2022