MA bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ÝB-niň ýokary wekili Aşgabada geldi

BT
MA bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ÝB-niň ýokary wekili Aşgabada geldi
“Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 20-nji ministrler duşuşygy, 2025-nji ýylyň 27-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary, daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin penşenbe güni Aşgabada sapar bilen geldi. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

3-4-nji aprelde Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji “ÝB – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyk meseleleri saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň esasy mazmunyny emele getirer. Taraplar, hususan-da, howpsuzlyk, ykdysady gatnaşyklar, ulag we sanly düzümler, energetika, suw serişdeleri, söwda, bilim we ylmy barlaglar ýaly ugurlarda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Aşgabada saparynyň çäklerinde Kaýa Kallas Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyklary geçirer.

Türkmenistandan soň Özbegistana sapar etjek Kaýa Kallas bu ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary – Prezident Şawkat Mirziýoýew hem-de daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen gepleşikleri geçirer. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarynyň Merkezi Aziýa sapary Gazagystanda tamamlanar. Bu ýerde onuň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew we daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşyklary bolar.

2022