Türkmenistanyň ilçisi we Gruziýanyň teleýaýlymynyň ýolbaşçysy media hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň ilçisi we Gruziýanyň teleýaýlymynyň ýolbaşçysy media hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Ýaýlyma beriş jemgyýetiniň habarlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoni bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 1-nji apreli, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň sişenbe güni Gruziýanyň Ýaýlyma beriş jemgyýetiniň habarlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoni bilen duşuşygy boldy. Onda taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Gepleşiklere gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine üns çekdiler. Şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň türkmen paýtagtyna ýakynda amala aşyran saparynyň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegindäki möhüm ähmiýeti bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň geljegine üns berlip maslahatlaşylan meseleleriň bir boldy. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda we Gruziýada geçirilýän halkara forumlara köpçülikleýin habar beriş serişdelerini has işjeň çekmek, möhüm ähmiýetli wakalar barada köpçüligi giňişleýin tanyşdyrmak hem-de resminama we wideomaglumatlary alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar media ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde, medeni alyşmalary işjeňleşdirmekde, iki döwletiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmekde täze itergi boljakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022