Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda täze dökünleriň, şol sanda ammoniý superfosfatyň we organiki mineral düzümleriň önümçiligi işe girizildi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Kärhananyň alyp baran ylmy barlaglary kükürt we azot goşulan fosfogipsiň binýadynda döküni işläp taýýarlamagyň täze görnüşli usulynyň döredilmegine getirdi. Ol topragyň düzümini baýlaşdyryp, hasyllylygy ýokarlandyrýar. Ekinleriň hasyllylygyny 20 – 25 göterim ýokarlandyrýan oksigumat döküniniň önümçiligi kärhana üçin uly sepgit boldy. Geçen ýyl onuň öndüriliş möçberi iň ýokary – 184 müň tonna ýetirildi. Häzirki wagtda bu dökün Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda giňden ulanylýar.
Dökünler bilen bir hatarda, kärhana senagat maksatlary üçin çalgy serişdeleri, ýyladyşhana hojalyklary üçin polietilen klýonkalary öndürýär. Kärhananyň öndürýän önümleri içerki bazar bilen bir hatarda eksporta hem iberilýär.
1960-njy ýylda döredilen Türkmenabadyň himiýa kärhanasy Türkmenistanda fosfor dökünlerini öndürýän ýeketäk öndüriji toplum bolmagynda galýar. Ammoniý superfosfaty, kükürt kislotasy, meliorant, oksigumat, ammoniý sulfaty, polimer serişdeler we ammofos kärhananyň öndürýän önümleriniň görnüşleriniň hataryna girýar. Fosfor dökünlerini öndürmek kärhananyň işiniň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda önümleriň hilini ýokarlandyrmak we önümçiligiň möçberlerini artdyrmak ugrunda işjeň çäreler görülýär.