Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Sasaki bilen duşuşygy boldy. Ilçiniň günbatar sebite saparynyň dowamynda taraplar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şol sanda zawodlary gurmak boýunça taslamalara ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Saparynyň çäklerinde ilçi şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan ýeri – Gerkez obasyna hem-de Türkmenistanda mukaddes ýerleriň biri hasaplanylýan Gözli atanyň aramgähine baryp gördi.
Türkmenistan “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda birnäçe taslamalary, şol sanda Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde tebigy gazdan benzin öndürýän kärhananyň, Mary welaýatyndaky karbamid zawodynyň we “Bäherden” sement zawodynyň gurluşyklaryny ýerine ýetirdi.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan we Ýaponiýa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda meýilleşdirilýän saparynyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.