Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigstanyň parlament ýolbaşçylarynyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 7-nji apreli, Daşkent, Özbegistan (Surat: mejlis.gov.tm)

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bile duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär. 

Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň parlament ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny Özbegistanyň Baştutanyna ýetirdi. 

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Türkmen we özbek halklarynyň arasynda taryhy hem-de medeni ýakynlyga aýratyn üns çekilip, ynsanperwer we sebitara taslamalaryň ähmiýeti bellenildi. 

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň binýadynda üstünlikli ösdürilýändigini nygtadylar. 

Daşkent şäherine iş saparynyň çäklerinde D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Kanunçylyk palatasynyň başlygy Nurdinžon Isamilow bilen hem duşuşygy geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022