5-nji iýunda – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde Aşgabatda “TESC 2025” atly uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiýa taraplary boýunça halkara ylmy maslahat geçiriler. Türkmenistan durnukly energetika ulgamynda bilimleri, öňdebaryjy çözgütleri alyşmak we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm mеýdança öwrüljek bu forumyň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Ugelewodorod serişdeleriň gazylyp alnyşynda daşky gurşawa zyýanly täsirleri azaltmaga gönükdirilen anyk çözgütleri bilelikde işläp taýýarlamak maksady bilen geçiriljek maslahata BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, ÝTÖB, AÖB, Gazy ekport ediji ýurtlaryň forumy, Halkara energetika agentligi, IRENA ýaly iri halkara düzümleriň wekilleri we döwlet işgärleri, alymlar, işewürler hem-de ekologlar çagyryldy.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri maslahaty guraýjylar bolup çykyş edýär. Forumyň “Ygtybarly, durnukly, arassa energiýa” atly şygary ekologiýa taýdan arassa geljege jogapkärli çemeleşmeleri nygtaýar.
Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alyş işi eýýäm açykdyr. Geçen ýylda geçirilen bu foruma 31 ýurtdan 250 töwerregi wekil gatnaşdy. Maslahata gatnaşmak tölegsiz esasda amala aşyrylyp, daşary ýurtly gatnaşyjylara wiza meseleleri boýunça goldaw-kömekler göz öňünde tutulandyr. Oňa gatnaşmak üçin arzalary “TESC 2025” resmi web-saýty arkaly tabşyryp bolýar.