Türkmen wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň sebitleýin maslahatyna gatnaşdy

BT
Türkmen wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň sebitleýin maslahaty, 2025-nji ýylyň 6-7-nji apreli, Duşenbe, Täjigistan (Surat: tca.gov.tm)

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (ОСА) we Olimpiýa Raýdaşlygynyň (ОС) guramagynda 6-7-nji aprelde Duşenbe şäherinde geçirilen ikinji sebitleýin maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi penşenbe güni habar berdi. 

Forum Günbatar we Merkezi Aziýa sebitleriniň 22-den gowrak ýurdunyň milli olimpiýa komitetleriniň wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda yklymyň iri sport ýaryşlaryna – 2025-nji ýylda Bahreýnde geçiriljek III Aziýa ýaşlar oýunlaryna, 2026-njy ýylda Er-Riýad şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna hem-de şol ýyl Ýaponiýanyň Aiçi we Nagoýa şäherlerinde geçiriljek XX Tomusky Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem Halkara Olimpiýa Komitetiniň maksatnamasyna hem-de 2028-nji ýylda Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV Tomusky Olimpiýa oýunlaryna türgenleri taýýarlamak meselelerine seretdiler. 

Forumyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini, sporty wagyz etmäge hem-de gatnaşyjy wekiliýetleriň arasynda dostluk gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen “Dostluk ylgawy” atly çäre geçirildi. 

Sebitleýin maslahatyň birinji bölegi ozal Butan döwletiniň Thimphu şäherinde geçirilipdi. Oňa Gündogar, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýa sebitleriniň ýurtlarynyň milli olimpiýa komitetleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

2022