Milletler Bileleşigi BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny (LLDC 3) Türkmenistanda geçirmek hakynda Kararnama kabul etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 5 – 8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu baradaky degişli çözgüt Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň plenar mejlisinde kabul edildi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde şenbe güni habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Onda mähirli gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edilýär.
Gutlag hatynda bu çözgüdiň Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny berkitmekdäki ähmiýeti bellenilýär.
Bellenilişi ýaly, 500 milliondan gowrak ilaty bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar çäk taýdan ýerleşmegi bilen baglylykda umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýarlar. Munuň özi olaryň tutuş dünýä bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsirini ýetirýär.