Kiýewde Magtymgulynyň muzeýiniň 50 ýyllygy bellenildi

BT
Kiýewde Magtymgulynyň muzeýiniň 50 ýyllygy bellenildi
Magtymgulynyň kitaphana muzeýiniň şanly 50 ýyllygy mynasybetli dabara, 2025-nji ýylyň 17-nji apreli, Kiýew, Ukraina (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Penşenbe güni Kiýew şäherinde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni hem-de Magtymgulynyň kitaphana muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli medeni-bilim çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy we Magtymguly adyndaky kitaphana çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Dabara diplomatlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, kitaphana işgärleri, 281-nji mekdebiň okuwçylary, Ukrainada bilim alýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar.

“Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy: Beýik ýüpek ýolunyň ajaýyp ýerlerine syýahat” atly tanyşdyrylyş dabarasy çäräniň esasy wakasy boldy. Myhmanlara gadymy medeniýetleri baglanyşdyrýan taryhy ýollar, türkmen medeniýetiniň döreýşi, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna girizilen taryhy ýerler – Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý şäherleri barada gürrüň  berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň beýleki taryhy-medeni goraghanalary barada aýdyldy.

Magtymguly adyndaky kitaphananyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýuliýa Lopata Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem kitaphana berlen türkmen halkynyň baý ruhy däplerini şöhlelendirýän seýrek neşirler we gymmatlyklar üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi.

1969-njy ýylda döredilen Magtymguly adyndaky kitaphana köp ýyllardan bäri akyldar Pyragynyň goşgularynda wasp edilýän milli däpleriň, adatlaryň we ruhy gymmatlyklaryň hormatyna dabaralaryň geçirilýän merkezi bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022