Watikan papa Fransiskiň aradan çykandygyny yglan etdi

BT
Watikan papa Fransiskiň aradan çykandygyny yglan etdi
Papa Fransisk, 2024-nji ýylyň 31-nji marty, Watikan (Surat: “Reuters”)

Rim papasy Fransisk Watikandaky rezidensiýasynda – Keramatly Martanyň öýünde 89 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Watikanyň metbugat gullugy habar berdi. 
Saglygy bilen bagly meselelere, şol sanda ýakynda öýken sowuklamasyna uçrandygyna garamazdan, hristianlaryň iň uly ruhanysy Rim-katolik ybadathanasynyň baştutany hökmünde wezipesini ýerine ýetirmegi dowam etdi. 
Soňky aýlar keselden soňky dikeldiş bejergilerini geçendigine garamazdan, katolik ruhanysynyň saglyk ýagdaýy gowulaşmady. 
Ýakyn günlerde Watikan jaýlama çäresini we täze Rim papasyny saýlamagyň düzgünlerini yglan eder. 
Fransisk 1936-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde italiýaly emigrant maşgalada dünýä indi. 

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022