Türkmenistanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüp başlandy. Bu boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Şanly senä bagyşlanyp Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde watançylyk ähmiýetli çäreleriň, şol sanda wagyz-nesihat duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, sergileriň, ýadygärliklere gül goýmak dabaralarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna, welaýatlardaky söweşjeň şöhratyň hormatyna gurlan ýadygärliklere, watançy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabaralary geçiriler. Uruş weteranlaryna we tylda zehmet çeken adamlara ýadygärlik sowgatlar gowşurylar diýip, B.Orazdurdyýewa belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlary watançylyk, edermenlik, ýaşuly nesliň gahrymançylygyna hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatyra çäreleriniň hem-de weteranlara we tylda zähmet çeken enelere ýadygärlik sowatlary gowşurmak boýunça dabaralaryň ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.