Türkmenistanyň çagalar gaznasy: halkara hyzmatdaşlyk arkaly nurana geljege goşant

BT
Türkmenistanyň çagalar gaznasy: halkara hyzmatdaşlyk arkaly nurana geljege goşant
Oguljahan Atabaýewa “Al-Arabiya” teleýaýlymyna interwýu berýär, 2025-nji ýylyň 19-njy apreli, Türkmenistan (Surat: TDH)

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi. Onda ösüp gelýän ýaş nesli goldamakda gaznanyň eýeleýän orny, bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada durlup geçildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi. 

O.Atabaýewanyň bellemegine görä, çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň beden hem-de ruhy taýdan ösüşi üçin şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Halkara guramalar, şol sanda ÝUNISEF we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk gaznanyň alyp barýan işiniň möhüm bölegidir. 

“Gazna diňe bir Türkmenistandaky howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň beýleki döwletlerindäki şeýle ýagdaýdaky çagalara-da ýakyndan goldaw berýär. Häzirki döwürde gaznamyz Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýär. Şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň giň möçberli we uzak möhletli strategiýalaryny, maksatnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, olara işjeň gatnaşýar. Şolaryň hatarynda durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine wajyp orun degişlidir” diýip, gaznanyň wise-prezidenti aýtdy. 

Türkiýe Respublikasynda bolup geçen pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömeginiň, Ukrainanyň, Palestinanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Primorsk sebitiniň çagalaryna saglygy goramak üçin zerur bolan enjamlaryň, egin-eşikleriň, iýmit önümleriň iberilmegi şolaryň esasylarynyň hataryndadyr. 

O.Atabaýewa şeýle hem diplomatik işleri netijeli alyp barmaga, halkara giňişlikde parahatçylykly gatnaşyklara ýardam etmäge mümkinçilik berýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm ähmiýetini belledi. Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge itergi bolup hyzmat edýän bu ýörelge Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm binýady boldy. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda O.Atabaýewa gaznanyň lukmançylyk kömeklerini bermek bilen çagalaryň saglygynyň dikeldilmegi ugrunda işjeň çäreleri görýändigini, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin şertleri döredýändigini belledi. 

2021-nji ýylda döredilen haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümdäki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Döredilen wagtyndan bäri, gazna dürli ýurtlarda tebigy hadysalardan ejir çeken çagalara ynsanperwer kömekleri iberdi hem-de Türkmenistandaky howandarlyga mätäç çagalaryň bejerilmegini üpjün etdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022