Ahalteke atlarynyň asyl mekany hasaplanylýan Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli täze “Taýçanak” binasy we bu bina bilen “Akhan” binasynyň aralygynda durky täzelenilen Ahalteke atlar şaýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Baýramçylyk çäresi aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan çykyşlar bilen dabaraly ýagdaýda geçirildi. Edebi-sazly kompozisiýalar Taýçanak atly ady rowaýata öwrülen bedewiň we dünýä belli ahalteke atlarynyň waspyny belentden ýetirdi.
Habarda bellenilişi ýaly, durky täzelenilen şaýolyň ugrunda belli ahalteke bedewleriniň we olaryň taryhy hem-de gazanan üstünlikleri barada maglumatlaryň ýerleşdirilmegi ýaş nesillerde milli gymmatlyklara bolan buýsanjy terbiýelemäge gönükdirilendir.
Gatnaşyjylar şanly senelerde medeni we durmuş maksatly desgalaryň açylmagynyň asylly däbe öwrülendigini, munuň Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň we taryhy mirasymyzy gorap saklamak ugrundaky tagallalarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny bellediler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.