Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda 80-den gowrak taslama durmuşa geçirdi. Olaryň aglabasy eksport edijileri goldamaga gönükdirilendir diýip, bankyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Erik Liwni sişenbe güni Aşgabatda açylan “Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahatdaky çykyşynda mälim etdi.
Erik Liwniniň bellemegine görä, bank ýerli işewürlere konsultatiw goldawlary işjeň hödürleýär. Soňky ýyllarda hususy kärhanalaryň işine halkara standartlary ornaşdyrmaga gönükdirilen 42 taslama durmuşa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
“Halkara standartlary girizmek örän möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi ol kärhanalara özleri üçin nätanyş bolan bazarlara çykmaga mümkinçilikleri açýar” diýip, Erik Liwni aýtdy. Pomidorlary ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana toplumlarynyň soňky ýyllarda eksport işinde gazanan oňyn ösüşi muňa mysal hökmünde görkezildi.
ÝTÖB-iň wekilhanasynyň ýolbaşçysy işewürligi alyp barmakda Türkmenistanyň özüneçekiji ýurtdugyny belledi. Şunda salgytlaryň pes derejede bolmagy we bäsdeşlige ukyply düzüme goýberilýän çykdajylar barada aýratyn durlup geçildi.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 1991-nji ýylda 40 ýurduň we iki halkara guramanyň gatnaşmagynda döredildi. Häzirki wagtda bank 34 ýurtda iş alyp barýar. Onuň Türkmenistandaky işleri 1992-nji ýylda badalga aldy. Bankyň wezipeleri maliýe durnuklylygyna ýardam bermekden, hususy telekeçiligi ösdürmekden, işewürlik gatnaşyklary berkitmäge itergi berýän institutlary döretmekden ybaratdyr.