Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) wekiliýeti Doha şäherinde Katar Döwletiniň futbol düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe iş duşuşyklary geçirdiler. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy ýekşenbe güni habar berdi.
TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýewiň we federasiýanyň tehniki işler boýunça direktory Röwşen Meredowyň Aziýanyň iň tejribeli sport merkezleriniň biri bolan “Aspire” futbol akademiýasynyň tehniki işer boýunça direktory bilen pikir alyşmalary boldy. Onda oýunçylary taýýarlamak ulgamyna we ýaş zehinleri ýüze çykarmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmen wekiliýetiniň Kataryň Futbol assosiasiýasynyň (QFA) Baş sekretary Mansur Al-Ansari bilen hem duşuşygy geçirildi. Geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine we futboly ösdürmek boýunça bilelikdäki ädimlere bagyşlandy.
Türkmenistanda futbolyň ösdürilmegine ýardam edýän milli gurama bolan Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) FIFA-nyň we Aziýa Futbol konfederasiýasynyň agzasy bolup durýar. Türkmenistanda futbol boýunça çempionatlary guramak, ýygyndy toparyň çykyşlaryna ýardam bermek hem-de çagalaryň we ýaşlaryň arasynda futboly ösdürmek federasiýanyň alyp barýan iş ugurlaryna girýär.