2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Ol Aşgabat şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Energiýa Forum” tarapyndan guralýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Degişli maslahat bilen ugurdaş geçirilýän sergi şähergurluşyk, binagärlik, ulag we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda innowasion çözgütler hem-de tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Oňa gatnaşyjylar özleriniň taslamalaryny görkezip, Aşgabat şäherini durnukly ösdürmegiň we şäher ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini gowulandyrmagyň geljegini maslahatlaşyp bilerler.
25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek maslahat bolsa şäher infrastrukturasy ulgamynda tejribe alyşmak we möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň hünärmenlerini hem-de bilermenlerini bir ýere jemlär.
Geçiriljek çäreler işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, maýa goýumlary çekmek we türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýär.
Goşmaça maglumat almak we maslahata gatnaşmaga hasaba alynmak üçin serginiň resmi web-saýtyna aralaşyň.