Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ýigit” hojalyk jemgyýeti şu ýyl künji ösdürip ýetişdirmek üçin täze ekerançylyk ýerlerini özleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Döwlet tarapyndan bölünip berlen 400 gektar ýerde kärhananyň ekerançylary häzirki zaman oba hojalyk usullaryny ulanmak we sebitiň howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly bu ýag berýän ekini ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýarlar.
Künji ekini, esasan, ýokary tagamy bilen aýratyn gadyr goýulýan künji ýagyny öndürmek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň galyndylary – löti bolsa ýokary iýmit kaloriýaly iým hökmünde maldarçylykda giňden peýdalanylýar.
“Ýigit” kärhanasynyň Baş direktory Agamyrat Çaryýewiň bellemegine görä, kärhananyň hünärmenleri bu ekiniň agrobiologik aýratynlyklaryny öwrenmek bilen häzirki zaman we milli ekerançylyk däplerine laýyklykda ekine doly idegi üpjün etmegi meýilleşdirýärler.
Kärhana ýyladyşhanalarda pomidorlary ösdürip ýetişdirmek bilen alyp barýan işiniň esasy ugruny üstünlikli ösdürýärler. “Mahmal” haryt nyşany bilen ekologiýa taýdan arassa önümler Türkmenistanyň söwda nokatlarynyň tekjelerine ýetirilip, goňşy döwletlere ekport hem edilýär.
Oba hojalyk önümleri öndürýän “Ýigit” kärhanasy Türkmenistanda ilkinji bolup, “Global G.A.P.” halkara güwänamasyna eýe body.












30635-90x604.jpg)





