Watikan täze Papa saýlady: Lew XIV

BT
Watikan täze Papa saýlady: Lew XIV
Papa Lew XIV Keramatly Petr meýdanynda penşenbe günündäki saýlawdan soň zyýaratçylara elini galgaýar, 2025-nji ýylyň 8-nji maýy (Surat: catholicnewsagency.com)

ABŞ-dan Kardinal Robert Fransis Prewo Rimiň 267-nji Papasy hökmünde saýlanyldy hem-de Lew XIV adyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Däp bolan “Habemus Papam” (“Biziň Papamyz bar!”) yglan edilmesi Keramatly Petr Ybadathanasynyň balkonynda kardinal-protodýakon Dominik Mamberti tarapyndan ýerine ýetirildi.

69 ýaşly Prewo Ybadathananyň taryhynda ABŞ-dan ilkinji gezek saýlanan Papa boldy. Onuň saýlanmasyny Keramatly Petr meýdanyna ýygnanan 45 müňe golaý adam el çarpyşmalar we şowhun bilen garşyladylar. 

Täze saýlanan Papa Robert Fransis Prewo 1955-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň ştatynyň Çikago şäherinde doglup, onuň iki – ABŞ we Peru ýurtlarynyň raýatlygy bar. 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ol Dikasteriýanyň ruhanylaryň işleri boýunça prefektiligine saýlanyldy, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda bolsa, Papa Fransisk kardinallygy döredildi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022