“Arkadag” futbol toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylagy gowşuryldy

BT
“Arkadag” futbol toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylagy gowşuryldy
“Arkadag” futbol toparyny hormatlamak dabarasy, 2025-nji ýylyň 12-nji maýy, Arkadag, Türkmenistan (Surat: TDH)

Arkadag şäherinde Aziýa futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynda Arkadag futbol toparynyň gazanan ýeňşi mynasybetli dabaralar geçirildi. Olaryň çäklerinde toparyň tälimçilerine we türgenlerine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy.

Futbol janköýerlerini we şäher ýaşaýjylaryny bir ýere jemlän dabaralar “Akhan” binasynyň ýanynda badalga aldy. Bu ýerde sungat we döredijilik toparlarynyň ussatlarynyň konsert çykyşlary ýaýbaňlandyryldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Şanly wakanyň esasy sebäplärleri – “Arkadag” futbol toparynyň futbolçylary Döwlet baýdagy hem-de Kamboja döwletinde geçen jemleýji oýunda gazanylan Kubok we baýraklar bilen dabaranyň geçirilýän ýerine geldiler. Topar ýaryşda gazanan ilkinji halkara ýeňşi bilen Aziýanyň futbol giňişliginde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has-da berkitdiler.

Dabaranyň dowamynda futbolçylar şäheriň Akhan, Aba Annaýew we Kärizek atly esasy ýollaryndan ýöräp, 10 müň ornulyk köpugurly stadiona geldiler. Onuň meýdançasynda çempionlary şäheriň ýaşaýjylary, ýaşulular we ýaş türgenler mübäreklediler.

“Arkadag” toparynyň ýolbaşçysy Arslanmyrat Amanow gazanylan Kubogyň diňe bir sport ulgamynda gazanylan üstünlik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň parahatçylygyň nyşany bolup durýandygyny belledi. Onuň başlangyjy boýunça topar gazanylan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmek kararyna geldi.

Dabaranyň dowamynda A.Amanow toparyň gazanan üstünliginiň nyşany hökmünde Kubogy Arkadag şäheriniň häkimliginiň wekillerine gowşurdy.

Türkmenistanyň “Arkadag” futbol topary Kambojanyň “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny final duşuşykda 2:1 hasapda utup, AFK-nyň 2024/25 möwsüminiň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. Duşuşyk Pnempon şäheriniň tomaşaçylardan doly “Morodok Teço” milli stadionynda şenbe güni geçirildi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022