Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparynyň ýeňşi bilen Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparynyň ýeňşi bilen Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
“Arkadag” futbol topary, Pnompen, Kamboja (Surat: AFC)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2024 – 2025-nji ýyllardaky möwsüminde geçirilen halkara ýaryşda gazanan ýeňşi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketini höweslendirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem atçylyk sporty, awtosport, golf ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde, futbolyň hem soňky ýyllarda ýaşlaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda sportuň ösüşiniň «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» kabul edilen kanunçylyk namalary bilen berkildilýändigini nygtady.

Hatynyň soňunda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy toparyň gazanan üstünligi bilen ýene-de bir gezek gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurduň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde Aziýa futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda “Arkadag” futbol toparynyň gazanan ýeňşi bilen tälimçileri, türgenleri we janköýerleri gutlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022