Türkmenistan we Gruziýa medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürýär

BT
Türkmenistan we Gruziýa medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürýär
Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Giorgiý Mirshulawa bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji maýy, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow 15-nji maýda Gruziýanyň medeniýet ministriniň orunbasary Giorgiý Mirshulawa bilen duşuşdy. Geçirilen gepleşikler iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerine bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüşini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginiň guraly hökmünde birek-biregiňkide Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Maslahatlaşmalarda bu ugurda täze bilelikdäki başlangyçlary guramak meselelerine hem garaldy.

Ilçi şu ýylyň BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada gürrüň berdi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň Tbilisidäki diplomatik wekilhanasynyň şu mynasybetli Gruziýanyň döwlet edaralary we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bilelikde geçiriljek medeni hem-de okuw maksatly çäreleriň maksatnamalarynyň taýýarlanylyşyna işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar möhüm seneler mynasybetli Türkmenistanda we Gruziýada mazmunlaýyn çäreleri geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gruziýanyň medeniýet ministriniň orunbasary medeni dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we bilelikdäki taslamalary durmuş geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Suhumi döwlet uniwersitetinde “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022