Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde şäher ösüşiniň we ilatly ýerleriň ýokary talaplary göz öňünde tutulyp taslamalaşdyrylan döwrebap şäherçäniň gurluşygy alnyp barylýar. Täze ilatly ýerde ähli infrastrukturalar, şol sanda durmuş, önümçilik we jemagat ugurly desgalar göz öňünde tutulandyr diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Taslamada ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesiniň, şol sanda kottejleriň gurluşygy bellenilendir. Şäherçede eýýäm ýol düzümi kemala getirilip, gaz, elektrik we suw üpjünçilik ulgamlary çekilendir.
Kiçi kärhanalar geljekki şäherçäniň ykdysady binýadyny emele getirer. Şolaryň hatarynda alkogolsyz içgileri we çörek önümleri öndürýän kärhanalar hem-de limonlary hem-de kömelekleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşen ýyladyşhana toplumy bar. Bu desgalar şäherçäniň ýaşaýjylaryny täze önümler bilen üpjün etmek bilen bir hatarda täze iş orunlaryny hem döreder.
420 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk, medeniýet, aragatnaşyk we hyzmatlar öýleri, söwda merkezi, ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy şäherçedäki durmuş-medeni infrastrukturalaryň hataryna girýär.
2025-nji ýylda Türkmenistanda 500 inedördül metrlik ýaşaýyş jaýlary, 4620 orunlyk mekdepler we 2000 orunly çagalar baglary gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.